Oskarly ýyldyzlary jemleýän film

“The Fighter”, “Silver Linings Playbook” hem-de “American Hustle” ýaly köpler tarapyndan gyzgyn garşy alnan kinolaryň režissýory Dewid O.

Rasseliň täze kinosynda Golliwudyň meşhur ýyldyzlarynyň ençemesi surata düşer.Häzirlikçe “Amsterdam” diýlip at goýlan bu kinonyň kastingine golaýda oskarly aktýor Rami Malek, “Awatar” kinosy bilen adygan Zou Saldana dagy goşulypdy.

Täzelikde bolsa, oskarly ussat aktýor Robert De Niro, häzirki wagtda şöhraty günsaýyn beýgelýän ýaş aktrisa Anýa Teýlor-Joý, meşhur komediýaçy Kris Rok, tanymal aktýor Maýkl Şennon, fransiýaly belli artist Mattias Şoenarts, şol sanda Maýk Maýers, Timoti Olifant, Andrea Raýzboro, Alessandro Niwola dagy hem filmiň artistleriniň hataryna goşuldy.

Filmde ozaldan oskarly aktýor Kristian Beýliň, birnäçe belli filmleriň owadan aktrisasy Margo Robbiniň hem-de “Tenet” kinosy bilen meşhurlyga ýeten Jon Dewid Waşingtonyň surata düşjekdigi habar berlipdi.Ssenarisi režissýoryň özi tarapyndan ýazyljak filme “Gravity”, “Birdman” hem-de “The Revenant” ýaly kinolaryň oskarly operatory Emmanuel Lubeski operatorlyk eder.

Filmiň sazyny bolsa, “Joker” filminiň oskarly kompozitory Hildur Gudnadottir ýazar.Filmiň prokata çykjak wagty häzirlikçe belli däl.

The post Oskarly ýyldyzlary jemleýän film appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Ölmegiň wagty däl” filmi pandemiýa döwrüniň iň köp girdejili filmi boldy
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
DÖRT TOPAR ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR
Gyrgyzystanyň täze kabineti we geljegki kyn ýoly