TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ GDA AGZA DÖWLETLERIŇ ILÇILERI BILEN GEÇIREN DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI RUSSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ GDA AGZA DÖWLETLERIŇ ILÇILERI BILEN GEÇIREN DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Russiýada akkreditirlenen ilçileri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle hem oňa GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedew we beýleki Ýewraziýa düzümleriniň ýerine ýetiriji edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dostlukly ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar möhüm halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de 2025-nji ýylda alnyp barlan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerine seretdiler.

Daşary syýasat ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hem-de sebitleýin howpsuzlygyny üpjün etmek babatyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly ugurlary nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin maksatlar kesgitlenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi
Afrikada 95:0 we 91:1 hasap bilen tamamlanan futbol duşuşyklary derňew edilip başlandy
“Artemida-1” missiýasynyň Aýa uçurylyşy tehniki näsazlyk sebäpli yza süýşürildi
Ýarym asyrdan soňra Aýa syýahat göz öňünde tutulýar
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI SLOWENIÝANYŇ DIM-NIŇ DÖWLET SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Germaniýa Ukraina Iris-T SLM kysymly howa goranyş ulgamlaryny berdi