Türkmenistanyň Ilçisi Taýlandyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Taýlandyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalowyň Taýland Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Taýlandyň Daşary işler ministrliginde Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika işleri boýunça Baş direktor Urasa Mongkolnawin bilen duşuşyk geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, ýokary derejeli saparlary guramak, syýasy geňeşmeleri geçirmek we söwda-ykdysady, ulag-logistika, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, bilim hem-de syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky garaýyşlaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisi UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary A.S. Alişahbana bilen duşuşdy
Malaýziýa Türkmenistanyň ASEAN bilen gatnaşyklary ösdürmegini goldaýar
Taýlandda gijeki klubda bolan ýangynda 27 adam ýogaldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary rus dili boýunça halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler
Türkmenistanyň wekiliýeti Taýlandyň Bankong şäherinde OEWG-48 mejlise gatnaşdy
Taýlandyň Koh Samui adasyndaky seýilgähe ysraýylly maşgalanyň girmegine rugsat berilmedi