Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

4-nji noýabrda Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) M.Maşalow bilen bu ýurduň DIM-niň Protokol we konsullyk departamentiniň başlygy Endi Rahmianto bilen duşuşdy. Ilçi M.Maşalow ynanç hatlaryň nusgalary gowşurdy.

Indoneziýa tarapy Ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikler arzuw etdi we diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogy ösdürmekde ýokary derejedäki dialogyň ähmiýetini belläp, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlaryny we duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Arkadag topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Al-Nasr topary bilen duşuşar
Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň prezidenti BAE-niň delegasiýasyny kabul etdi
BMG-da Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy maslahatlaşyldy