Türkmenistanyň jemi içerki önümi ýylyň birinji ýarymynda 6,3 göterim ýokarlandy

Türkmenistanyň jemi içerki önümi ýylyň birinji ýarymynda 6,3 göterim ýokarlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Onda şu ýylyň ilkinji alty aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi. Ýarym ýylyň esasy ykdysady görkezijileriniň biri hökmünde jemi içerki önümiň (JIÖ) 6,3 göterim artandygy bellenildi. Ýurdumyzyň esasy makroykdysadyýet görkezijileri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi.

Onuň bellemegine görä, milli ykdysadyýetimiz durnukly ösüş depginini saklaýar. Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwariýun aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberi 10,4 göterim artdy.Ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň ählisinde oňyn ösüş depgini gazanyldy.

Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýyndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi
Gyrgystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Gyrgyzystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Hünärmenler: iň baý 10 adamyň baýlygy Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 40%-iniň umumy baýlygyndan ýokarydyr
Türkiýäniň JIÖ-i birinji çärýekde 7,3 göterim ösüş görkezdi
2022-nji ýylyň bäş aýynda Azerbaýjanyň JIÖ-i 7 göterimden geçdi