Türkmenistanyň kän müdirlikleri gurluşyk materiallarynyň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

Türkmenistanyň kän müdirlikleri gurluşyk materiallarynyň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagynda ýurtda gurulýan desgalar üçin, şeýle hem ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda isleg bildirilýän zerur bolan metal däl gurluşyk materiallaryny öndürýän alty sany kän müdirligi hereket edýär.

Olaryň hataryna: Gökdepe, Kaka, Balkan, Köýtendag kän müdirlikleri hem-de Galaýmor kän hojalygy degişli.Bu kärhanalaryň ählisi Türkmenistanyň dürli sebitlerinde kän ýataklaryny özleşdirmek bilen meşgullanyp, önümçilik kuwwaty bilen tapawutlanýarlar. Ýurduň milli ykdysadyýetinde olaryň dykyzlygy we fraksiýalary bilen tapawutlanýan dürli hili öndürýän metal däl materiallary giňden ulanylýar.

Olaryň gum-çäge garyndysy, şeben daşy, ezilen şeben daşy, ezilen çäge, dag daşy, owradylan çäge hem-de ekranlar we owradylyp baýlaşdyrylan çäge, şeben-gum garyndysy, dag massasy, gurluşyk heki we gips, gips daşy, kaolin we kaustik dolomit ýaly görnüşleri alynýar.

Ýerli çig maldan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek üçin kän müdirlikleri häzirki zaman tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Kän müdirlikleriniň salgylary:

Gökdepe kän müdirligi: Ahal welaýaty, Gökdepe etraby. Telefon/Faks: (+993 132) 7 20 66;

Kaka kän müdirligi: Ahal welaýaty, Kaka etraby. Telefon belgisi: (+993 133) 5 10 68. Faks: (+993 133) 5 10 69;

Balkan kän müdirligi: Balkan welaýaty, Tükmenbaşy etraby. Telefon/faks: (+993 243) 7 90 10;

Köýtendag kän müdirligi. Lebap welaýaty, Köýtendag etraby. Telefon belgisi: (+993 440) 3 15 00. Faks: (+993 440) 3 51 02;

Galaýmor kän hojalygy: Mary welaýaty, Serhetabat etraby. Telefon/faks: (+993 561) 4 53 80.

Ýene degişli makalalar

Serhetabadyň  'ýol azaby' ýerli ýaşaýjylary 'surnukdyrýar'
Türkmenistanda bankomatlar ne kadaly işleýär, ne-de olarda pul tapdyrýar
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkidýär
"Ajaýyp gurluşyk" kompaniýasy ýurtda 23 sany desganyň gurluşygyny alyp barýar
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi önümleriň giň görnüşlerini hödürleýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany