Ministrler kabinetiniň 18-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhmaedowa Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Galaýmor howa menzilinde ýolagçy terminalynyň hem-de zerur desgalaryň gurluşygy barada hasabat berildi.
Uçuş zolagy Serhetabatdan 50 kilometr demirgazykda ýerleşýär.
TDH-nyň habar bermegine görä, döwlet baştutanyna şekiller arkaly täze howa menziliniň hem-de düzümleýin desgalaryň ýerleşýän ýeri görkezildi.
1 of 2
Prezident geçen ýylyň 26-njy fewralynda Lebap welaýatynyň adminstratiw merkezinde Türkmenabatda täze gurlan halkara uçar menzilini açdy.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi maýda Balkan welaýatynyň Garabogaz, Lebap welaýatynyň Kerki şäherlerinde gurulmaly uçar menziliniň taslamalary we gurluşygy boçýunça iki sany halkara tender yglan etdi.