Berdimuhamedow bank ulgamynyň ösüş programmasyna gol çekdi we bank ýolbaşçylaryna käýinç berdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhmaedow Ministrler kabinetiniň 29-njy martda geçirilen mejlisinde “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin programmasyny tassyklamak hakyndaky karara gol çekdi hem-de ony durmuşa geçirmegiň planyny tassyklady.

Bu programma nämeleri anyk maksat edinýär we ol nähili amala aşyrylmakçy bolunýar, TDH döwlet habar gullugy bulary anyklaşdyrmaýar.

Diňe bir zat, Türkmenistanda “Degişli pul gaznalaryny emele getirmegiň, paýlamagyň hem-de ulanmagyň serişdelerine gözegçilik etmegiň baş talap bolup galýandygy, şunuň bilen baglylykda, maliýe-hojalyk işiniň kärhanalarynyň ykdysady seljermelerini geçirmegiň wajypdygy nygtaldy”.

Soňra prezident bank edaralarynyň işleriniň talabalaýyk guralmandygyna nägilelik bildirip, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistan döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Meýlisgeldi Hajyýewe we Halkbank döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Myrat Arabowa käýinç yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyzystanyň prezidenti türkmen sermaýalaryna umyt edýär
Türkmenistanda Maliýe ministrliginiň täze žurnaly döredilýär
Benziniň gymmatlamagy adamlaryň un, çörek aladasyny güýçlendirýär
President Berdimuhamedow 2018-nji ýylda ilkinji kitabyny ýazdy
Türkmenistanda Eýranyň prezidentine gadymy Mary şäherini görkezdiler
ARETI-niň başlygy Berdimuhamedowa welosiped sowgat berip, nebit ýataklaryny özleşdirmek mümkinçiligini aldy