President Berdimuhamedow 2018-nji ýylda ilkinji kitabyny ýazdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bir kitaby çapdan çykdy. Ol “Arkdag taglymaty sagdynlygyň we ruhubelentligiň binýady” diýlip atlandyrylýar. Täze kitap ýurtda sporty giň ýaýbaňlandyrmak ugrunda alnyp barylýan syýasata bagyşlanýar.

Döwlet baştutany 2-nji martda geçiren hökümet maslahatynda bu kitabyň nusgalaryny mejlise gatnaşyjylara sowgat berdi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Prezident mundan öň sport hakynda kitap ýazypdy. 2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda, Aziada geçirilenden soň, Türkmenistanda “Sport dostluga, sagdynlyga we gözellige ýol” atly kitap jemgyýetçilige tanyşdyryldy.

Belleýäris, “Taglymat” Berdimuhmaedowyň bu ýylda çykarylan ilkinji kitaby bolup durýar.Ondan öň, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda prezidentiň “Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby çapdan çykypdy.

Bu kitap döwlet baştutanynyň 2017-nji ýylda ýazan dördünji kitaby boldy.

Prezident 2016-njy ýylda 7 kitap ýazdy.

Prezidentiň galamyndan häzire çenli 40-dan gowrak kitap çykdy. Şeýle-de onuň sözlän sözleri we aýdan zatlary esasynda birnäçe kitap çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyzystanyň prezidenti türkmen sermaýalaryna umyt edýär
Türkmenistanda Maliýe ministrliginiň täze žurnaly döredilýär
Benziniň gymmatlamagy adamlaryň un, çörek aladasyny güýçlendirýär
Türkmenistanda Eýranyň prezidentine gadymy Mary şäherini görkezdiler
Berdimuhamedow bank ulgamynyň ösüş programmasyna gol çekdi we bank ýolbaşçylaryna käýinç berdi
ARETI-niň başlygy Berdimuhamedowa welosiped sowgat berip, nebit ýataklaryny özleşdirmek mümkinçiligini aldy