Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani 2728-nji martda Türkmenistnda resmi saparda boldy.Ruhani saparyň birinji gününde resmi delegasiýanyň, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhmaedowyň gatnaşmagyndaga türkmen tarapy bilen gepleşik geçirdi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça 13 dokumente gol çekildi.
Hasan Ruhani saparyň ikinji gününde Mary welaýatynyň adminstratiw merkezine Mary şäherine bardy. Marydan 30 kilometr uzaklykda gadymy Merw şäheriniň harabalary ýerleşýär we Eýranyň prezidenti üçin şol ýere ekskursiýa gurnaldy diýip, eýran prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Merw Merkezi Aziýada gadymy we belli şäherleriň biri bolup, Murgap derýasynyň kenarynda, Türkmenistanyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýär. Ol parslaryň Margiana häkimliginiň we Seljuklar döwletiniň paýtagty bolan. Merw harabalyklary adamzadyň bütindünýä ýädygärlikleriniň mirasyna girýär.