Türkmenistanda Maliýe ministrliginiň täze žurnaly döredilýär

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhmaedow 17-nji noýabrda Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Hökümet mejlisinde “Altyn asyryň ykdysadyýeti” we “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnallarynyň binýadynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň täze neşirini döretmek hem teklip edildi diýip, ТДХ döwlet habar agentligi habar berýär.

Prezident täze neşiri döretmek bilen bagly meseleleri düýpli işlemegi tabşyrmak bilen ýurdy “durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanylýan üstünlikleri” giňden beýan etmegiň möhümdigini nygtady.

Belleýäris, Türkmenistanda pudaklar boýunça çap edilýän neşirlere mejbury abuna ýazmak saklanyp galýar.

Mysal üçin, goşunda gulluk edýän esgerler “Esger” gazetini ýa “Goşun” žurnalyny ýazylyp almaga mejbur edilýär. Şeýle-de, “Türkmenistanyň Hronikasyna” noýabr aýynda belli bolmagyna görä, döwlet edaralarynyň işgärlerini we sportsmenleri “Syýasat we jemgyýet” žurnalyny satyn almaga mejbur edýärler.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyzystanyň prezidenti türkmen sermaýalaryna umyt edýär
Benziniň gymmatlamagy adamlaryň un, çörek aladasyny güýçlendirýär
President Berdimuhamedow 2018-nji ýylda ilkinji kitabyny ýazdy
Türkmenistanda Eýranyň prezidentine gadymy Mary şäherini görkezdiler
Berdimuhamedow bank ulgamynyň ösüş programmasyna gol çekdi we bank ýolbaşçylaryna käýinç berdi
ARETI-niň başlygy Berdimuhamedowa welosiped sowgat berip, nebit ýataklaryny özleşdirmek mümkinçiligini aldy