Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen ilçisi Kataryň Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen ilçisi Kataryň Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy

17-nji awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myrat Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Emiri Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi. Duşuşyk Katar Emiriniň köşgünde geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen ilçisi Katar Döwletiniň Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy. Kabul edişligiň dowamynda iki ýurduň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyndaky mümkinçilikleri barada bellenildi.

Ozal Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraýha ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Daşary işler ministrliginiň maliýe we dolandyryş işleri müdiriýetiniň müdiri bilen duşuşdy
Erdogan we Al Tani geçiren telefon arkaly söhbetdeşliklerinde sebitleýin wakalary ele aldylar
Türkmenistan we Katar medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Katarda “EKSPO-2023” halkara sergisi açyldy
EKSPO-2023 halkara sergisi geçirilýär
Erdogan Gaza Sektorunda Ara Zolak Döretmek Pikirine Garşy