Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Daşary işler ministrliginiň maliýe we dolandyryş işleri müdiriýetiniň müdiri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Daşary işler ministrliginiň maliýe we dolandyryş işleri müdiriýetiniň müdiri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow bu döwletiň Daşary işler ministrliginiň maliýe we dolandyryş işleri müdiriýetiniň müdiri Saad Muhammed Al-Tamim bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy habar berýär diýip, Orient ýazýar.

Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de dostlukly gatnaşyklara ýardam bermegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myrat Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Emiri Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edilendigi barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen ilçisi Kataryň Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy
Erdogan Al Sani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanda Kataryň täze ilçisi işe başlady