Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyryldy, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we netijeli alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze sepgitlere ýetirmäge taýýardygyny aýdyp, onuň iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan we Al Tani geçiren telefon arkaly söhbetdeşliklerinde sebitleýin wakalary ele aldylar
Katarda “EKSPO-2023” halkara sergisi açyldy
EKSPO-2023 halkara sergisi geçirilýär
Türkmenistan we Katar medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Erdogan Gaza Sektorunda Ara Zolak Döretmek Pikirine Garşy
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Milli güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Katar Döwletiniň Emirini gutlady