Türkmenistanyň kubogy ― 2023: Merw Aşgabat bilen deňme-deň oýnap, ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda myhmançylykda Aşgabat bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnan Merw adyny ýarym finala ýazdyrmagy başardy. Çünki Mary şäherine wekilçilik edýän topar öz meýdanynda geçirilen ilkinji duşuşykda Aşgabady 3:1 hasabynda ýeňipdi.

Jogap duşuşygynda ýer eýeleriniň gollaryny 21-nji minutda Röwşen Baýlyýew, 53-nji minutda Begmyrat Pirkulyýew geçirdi.Hemmeler duşuşygyň ahyrky minutlaryna çenli Aşgabadyň ynamly ýeňşine we ýarym finala çykmagyna garaşyp durka, Merw Alibek Abdyrahmanowyň goşa goly bilen ýagdaýy öz haýryna üýtgetdi. 88-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan tejribeli futbolçy goşmaça wagtyň 1-nji minudynda hem tapawutlanyp, hasaby deňlemegi başardy. Şeýlelikde, Merw iki duşuşygyň jemi boýunça 5:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

Toparyň ýarym finaldaky garşydaşy Ahal futbol topary bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda Altyn asyr we Şagadam toparlary öňdeligi eýelediler
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Arkadag şäheriniň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi