Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň birinji mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň arasynda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna gönükdirildi. Özbegistan Respublikasynyň Parlamentiniň ýolbaşçylygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň Merkezi Aziýanyň zenanlary: ileri tutulýan wezipeler we bilelikdäki hereketler atly birinji mejlisiniň gün tertibine häzirki döwrüň wajyp meseleleri girizildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň jemgyýetde eýeleýän orny bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alan maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Merkezi Aziýa döwletleriniň, Azerbaýjan Respublikasynyň zenan parlament ýolbaşçylary we Merkezi Aziýa boýunça BMG-Zenanlar sebit edarasynyň ýolbaşçysy gatnaşdy.

Onlaýn tertibinde geçirilen mejlisde Özbegistanyň 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Zenan ýolbaşçylarynyň dialogyna başlyklyk etmeginiň çäginde meýilleşdirilýän çäreler we olaryň guramaçylyk işleri, sebitde gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň döwlet dolandyryşy we ykdysadyýetdäki işjeňligini goldamak hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bilelikdäki tagallalary we ýylyň dowamynda geçirilmeli çäreler barada pikir alyşmalar boldy.

Ýene degişli makalalar

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Oksana Domenti (BSGG): Türkmenistan ählumumy lukmançylyk diplomatiýasynyň işjeň gatnaşyjysydyr
Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri bilen duşuşyklar
Erdogan Starmere: Eýranda parahatçylygyň gijikdirilmegi global durnuklylyga zyýan ýetirip biler