Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Geçen hepdäniň şenbe güni 30-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň gün tertibinde Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda, Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda, Ýer hakynda Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda, Weterinariýa işi hakynda Türkmenistanyň Kanunуnа üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu kanunçylyk namalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi

Maslahatyň ahyrynda deputatlar kabul edilen kanunçylyk namalarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň günortasynda mallar keselden gyrylýar
BSGG-niň wekilleri Türkmenistanda COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak boýunça görülýän çärelere ýokary baha berdiler
Alabaýlara pasport’ we paýok’ beriler
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Zähmet terbiýesi şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertidir
Lebapda iri şahly mallar ýene köpçülikleýin haram ölýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli itşynaslygyň döwrebap düzümi döredilýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty