Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili ABŞ-da tanyşlyk okuw saparynda boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili ABŞ-da tanyşlyk okuw saparynda boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň Open World maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabry — 9-njy noýabry aralygynda bu ýurduň Kolorado ştatynyň Denwer şäherinde Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak atly tanyşlyk okuw saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda metanyň bölünip çykýan ýerlerinde howalandyryjy, şeýle hem zyňyndy metany ölçeýji we bir ýere jemleýji, innowasion energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem Kolorado ştatynda hereket edýän kanunçylyk barada sorag-jogap alyşmak arkaly duşuşyk geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başladylar
Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy
Mbappe bolmasa, Kolo Muani bar
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynda iň gowy dört toparyň biri boldy
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş ederler