Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň maslahatyna gatnaşdy

23-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň birinji maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetlerinde zenanlaryň orny: sanly, durmuş we ekologik innowasiýalary ösdürmek üçin liderlik temasy boýunça geçirilen maslahatda milli parlamentiň wekilleri zenanlaryň milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gatnaşygy, zenanlaryň hukuk kepillikleri we durmuş ýeňillikleri barada çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda klimatyň üýtgemeginiň şertlerinde ykdysady, sanly we ekologik innowasiýalar babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde zenanlaryň orny barada çykyşlar diňlenildi we degişli ugurlar boýunça pikir alşylmalar boldy diýlip, çeşmede bellenilýär.

Gender deňligini öňe sürmek üçin sebitleýin meýdança bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen sebitdäki ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin özboluşly gural bolup çykyş edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatyna gatnaşdy
Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän döwletleriň gün tertibiniň  ileri tutulýan ugurlary
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistan Merkezi Aziýa + Ýaponiýa görnüşindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal