Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty boldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we makullanyldy.

Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary Salgytlar hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda, Ýer hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretdiler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň bilelikdäki maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan kabul edildi we degişli Kararlar bilen makullanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenaragatnaşyk agentliginde ösüşiň möhüm ugurlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
Serdar Berdimuhamedow goşmaça iş orunlaryny döretmegiň we zähmet haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi
Arkadag şäheriniň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi
Türkmenistanda temmäki, alkogol önümleri we ulaglar üçin gümrük tölegleri tas iki esse artdy
Ahalyň täze merkezinde guruljak metjit üçin haýyr-sahawat hasaby açyldy