Türkmenaragatnaşyk agentliginde ösüşiň möhüm ugurlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenaragatnaşyk agentliginde ösüşiň möhüm ugurlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

30-njy maýda Türkmenaragatnaşyk agentliginde “Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary” atly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenaragatnaşyk agentliginiň şäher we welaýat edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň hem-de Köpetdag etrap salgyt bölüminiň hünärmenleri çykyşlary bilen gatnaşdylar.

Çykyşlarda aragatnaşyk pudagynda gazanylýan özgertmeler, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, sanly hyzmatlary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlandyrylmagy barada gürrüňler edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenaragatnaşyk agentligi sanly ulgamyň we häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlary barada söhbetdeşlik gurnady
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi
Gibrid we elektroulag satuwy artýar
90-njy awtoulag sergisi
Amazonkada gadymy şäher ýüze çykaryldy
Kosmos syýahatyny ýola goýar
Bäsdeşlerinden ozdy