2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy, diýip TDH habar berýär.
Giňişleýin mejlisiň gün tertibine 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň hem-de ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.Mundan başga-da, Prezident Maksatnamasyny we beýleki ykdysady hem-de durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän giňişleýin mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa söz berdi.Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi, şol sanda onuň gaýtadan işleýän ulgamyny köpugurly we innowasion esasda işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de obasenagat toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişini agrotehniki möhletde tamamlamak maksady bilen, giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdiler. Şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda ýaýbaňlandyrylan işler barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan işleriň öz wagtynda hem-de agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmelidigini, gögeriş suwuny tutmak we ekerançylyk meýdanlaryny mineral dökünler bilen gurplandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatlaryň häkimlerine oba hojalyk ähmiýetli ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, şol birwagtyň özünde gök we bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, maldarçylyk hojalyklarynyň ot-iým binýadyny berkitmek üçin zerur agrotehniki hem-de ykdysady şertleri döretmek babatda birnäçe görkezmeler berildi.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer ýakyn wagtda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäräniň meýilleşdirilendigi, bag ekiljek ýerleri we bag nahallaryny taýýarlamak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz wise-premýere hem-de welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlerine ýüzlenip, bag ekmek möwsümine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn hem-de guramaçylykly çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem degişli tabşyryklar berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän senagat we gurluşyk, energetika, himiýa ulgamlarynda ýerine ýetirilýän işler hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň birnäçesinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow “AşgabatDaşoguz” awtomobil ýolunyň ugrunda Awtoulaglar kärhanalar birleşiginiň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk hem-de “Türkmenaragatnaşyk” agentligi üçin Türkmenistanda radiogepleşikleriň ulgamyny giňeltmek üçin zerur bolan FM radioýaýradyjy enjamlaryny satyn almagy, gurnamagy we işe girizmegi hakyndaky” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda bellenen ähli wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow çykyş edip, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýlerini açmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň döwrebap enjamlary satyn almagy hakyndaky” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bellenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda guramaçylyk komitetiň düzümi döredildi we tassyklanyldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welotrek boýunça geljek ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly teklipleri oňlap, bu işlere örän çynlakaý girişmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi saýtyny açmak baradaky teklibi hem beýan etdi.Onda döwlet Baştutanymyzyň çykyşlaryny, Milli maksatnamalary, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny we beýleki ähmiýetli maglumatlary hemmetaraplaýyn beýan etmek göz öňünde tutulýar.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.Bu meselelere parlamentiň nobatdaky mejlisinde garalar.Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde, jemgyýetimizde agzybirligi we bitewüligi, ýurdumyzda durnuklylygy pugtalandyrmak babatda maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny nygtaldy. Şeýle hem mähriban Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarlylygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de goranyş kuwwatyny artdyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak we düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, olaryň ýörite tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin bu düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýulmagynyň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli işgärleriniň durmuş meselelerini çözmek üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşýanlara ýüzlenip, döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi hem-de ýakyn geljek üçin öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we 2021-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlylygy ýörelgesini saklamak bilen, geljek ýylda Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70 göteriminden gowrak möçberini durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdirmegi tabşyrdy.Milli Liderimiz 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde ilatymyzyň abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belläp, bu işleriň ilatymyzyň durmuş goraglylygyny, iş bilen üpjünçiligini, durmuş we zähmet şertleriniň mynasyp derejesini üpjün etmek bilen bagly möhüm çäreleriň ýerine ýetirilmegini hem öz içine almalydygyny tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidinde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.