Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi.Ol ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda sirk sungaty, ýerli öz-özüňi dolandyryş we notarial edaralaryň işi bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.Hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, Türkmenistanyň Suw kodeksine hem-de "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle-de parlamentariler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanan üstünlikleri barada wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler, kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini düşündirýärler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler barada habar berdi.Milli Geňeşiň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde hukuk namalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri geçirýärler.

Häzirki wagtda iş toparlary birnäçe kanunçylyk namalaryny ara alyp maslahatlaşýarlar. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan uly üstünlikleri giňden wagyz etmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň agzalary degişli işleri alyp barýarlar.

Geçen hepdede Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, bu ýerde seýisleriň we çapyksuwarlaryň zähmeti, dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň desgalarynda alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň aýratyn möhümdigini belledi.

Milli Geňeş Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işlere kanunçylyk goldawyny bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli senenamamyzyň nobatdaky ajaýyp senesi mynasybetli meýilleşdirilen dabaralara maliýe-ykdysady we bank toplumynyň edaralary tarapyndan taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şeýle-de wise-premýer geçiriljek çäreleri maliýeleşdirmek baradaky meseleler barada hasabat berdi. Şol çäreleri Döwlet býujetine, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýerli býujetlerine şu ýyl üçin gönükdirilen serişdeleriň hasabyna guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulgamyň edaralarynyň işine berk gözegçiligi ýola goýmak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wise-premýer ýaş nesillere döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Resminama bu ugurdaky işleriň ýagdaýyna geçirilen seljermelere laýyklykda, ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň her ýyl yzygiderli artdyrylýandygy göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan yzygiderli kömek-goldawyň berilmeginiň ýaşlaryň maşgala gymmatlyklaryny berkitmeklerine we olaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna giň ýol açjakdygyna ünsi çekdi.Bu resminamanyň ýaş maşgalalara durmuş goldawyny bermekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz resminama laýyklykda, ýaş maşgalalara ýyllyk 1 göterimli 3 ýyllyk möhlet bilen 20 müň manada çenli karz serişdeleriniň beriljekdigini aýtdy we Karara gol çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow oba hojalyk toplumynyň ugurdaş ministrlikleri we edaralary tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynyň degişli ministrligi we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlara sylaglary gowşurmak dabarasy hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly çäreleriň, şanly senäniň hormatyna geçiriljek baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Wise-premýer mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Bu resminama ýurdumyzyň oba hojalykçylaryny bugdaýyň, pagtanyň we gant şugundyrynyň bol hasylyny öndürmäge, bu ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de hojalyklardaky mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Karara laýyklykda, 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýy, pagtany we gant şugundyryny gaýtadan işlemekden alynýan iýmlik önümleriň 50 göterimini öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen resminama gol çekip, bu çözgüdiň oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmekde hem-de ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmakda ähmiýetli boljakdygyny belledi. Munuň özi önüm öndürijilere döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de wise-premýere resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk we senagat toplumynyň edaralary tarapyndan Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, esasy dabaralaryň guraljak ýeri bolan paýtagtymyzy baýramçylyk görnüşinde bezemek hem-de onuň çäklerini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň köp sanlysyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýilleşdirilen ähli dabaraly çäreleriň geçirilmegine örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de dürli maksatly täze desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda baýramçylyk söwdasyny guramak, şeýle hem meýilleşdirilen dabaralaryň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça çäreleriň görülýändigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňdäki ähmiýetli wakalaryň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere baýramçylyk günlerinde bölek söwda satuwyny talabalaýyk derejede guramak üçin çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda harytlaryň, şol sanda azyk önümleriniň we hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hiline aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi, şeýle hem şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň oktýabr aýynda maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Däp boýunça 6-njy oktýabrda Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda Hatyra güni mynasybetli gül goýmak çäresi bolar.

Halkara derejede geçiriljek çäreleriň hatarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergini we ylmy maslahaty, Dizaýn — 2022 Aşgabat forumyny we Araçäksiz dizaýn atly halkara sergini, Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda atly halkara festiwaly; Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy atly halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hem-de iri halkara forumlaryň türkmen jemgyýetini okgunly ösdürmekdäki, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen oňyn özgertmeleri amala aşyrmakdaky ähmiýetini belledi, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilim edaralarynyň düzümini kämilleşdirmek, bu ulgamda hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň we ýolbaşçylarynyň wezipe birlikleriniň birkysmy sanawynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça teklip döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman bilim syýasatynyň ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky zerur bolan resminamalaryň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyk getirilmegine uly üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de wise-premýere ugurdaş düzümler bilen birlikde hödürlenen teklibiň has içgin öwrenilmegini tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ÝB bilen däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen taýýarlanylan teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Şunda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlara we duşuşyklara möhüm orun berilýän syýasy-diplomatik ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegi möhüm ugurlaryň biri hökmünde görkezildi.

Mundan başga-da, "Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi" bilelikdäki komitetiniň, "Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa" görnüşindäki gatnaşyklaryň, "Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi" parlamentara dialogynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna ýurdumyz bilen ÝB-niň arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şeýle hem hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça teklipler hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, ÝB agza ýurtlar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bar bolan ýagdaýlary, onuň geljekki ugurlaryny nazara alyp, bu babatda ýerine ýetirilýän işleri degişli derejede dowam etmegi tabşyrdy.

Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, Watanymyzy döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýandygyny, şunda döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige we milletiň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna esaslanýan içeri we daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.

Döwlet Maslahatynyň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň jenaýat edip iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek we ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri boýunça hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hereket edýän milli kanunçylykdan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, biziň döwletimizde ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbidini goramak boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Hökümeti BMG we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde degişli işleri geçirýär. Şunda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär.

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, häzirki wagta çenli ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 28 müň 167 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 4 müň 438-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1 müň 530 adamyň, ýagny dünýäniň 26 milletiniň wekilleriniň raýatlyga kabul edilmegi boýunça degişli işleri geçirildi. Ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 315 adamyň, ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlary we 23 milletiň wekilleri hasaba alyndy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Permanyň we Kararyň taslamalary hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamalara gol çekip, Türkmenistanyň ynsanperwer we durmuş ulgamyny nazarlaýan hem-de adamlaryň abadançylygyny, bagtyýar durmuşyny, hukuklarynyň, azatlyklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün edýän syýasaty yzygiderli amala aşyrýandygyny belledi.

Häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda oňyn orun eýeleýän ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň berkidilmegine anyk goşant goşýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylary ulag serişdeleri bilen üpjün etmegiň maksatnamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ilatymyza hödürlenilýän awtoulag hyzmatlarynyň medeniýeti baradaky meselelere ünsi çekdi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini amala aşyrmak babatda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra agentligiň ýolbaşçysy 1 müň sany Toyota Coaster kysymly orta synply we 250 sany Toyota Hiace kysymly kiçi awtobuslary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde halkymyzyň amatly ýaşaýşy, ýokary derejeli dynç alşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, adamlara ýolagçy ulaglarynda edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz awtoulag pudagynyň tehniki binýadyny kämilleşdirmegiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, degişli Karara gol çekdi hem-de agentligiň baş direktoryna bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2024: Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny işe girizmek meýilleşdirilýär
Lebap welaýatyna täze awtobuslaryň 200-e golaýy gelip gowuşdy
Täze ýolagçy awtobuslary sowgat berildi
Mary welaýatynda 42 sany kottej jaýy açyldy
Balkan welaýat köpugurly hassahanasy durky täzelenip ulanylmaga berildi