Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri Astrahana bararlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri Astrahana bararlar

Şu hepde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Astrahana barar. Saparyň dowamynda ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkowa salgylanyp, bloknot-astrakhan.ru habar berdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabadyň Demirgazyk — Günorta halkara transport geçelgesine goşulmakçydygyny yglan etdi.

Golowkowyň sözlerine görä, Astrahan sebiti Türkmenistan bilen Demirgazyk — Günorta geçelgesini ösdürmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr.

Bu mesele gubernator Igor Babuşkin bilen Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerde birnäçe gezek ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazarýaka goňşularymyzyň bu boýunça uly mümkinçilikleri bar. Astrahan sebitinde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak, Olýa we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda yzygiderli awtoulag parom hyzmatyny döretmek we gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýarys diýip, russiýaly hünärmen belledi.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly gubernatorlar Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar
Türkmen konsuly Astrahan sebitiniň gubernatory bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi
Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meselesi öwrenilýär
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Astrahanyň gämi zawody Türkmenistandan we Eýrandan sargyt almakçy
Astrahanda türkmen logistika merkeziniň açylmagy boýunça iş topary döredildi
Russiýa TOPH üçin turbalar ýollamagy we gämi gurmagy Türkmenistana teklip edýär