Russiýa TOPH üçin turbalar ýollamagy we gämi gurmagy Türkmenistana teklip edýär

Russiýa TOPH üçin turbalar ýollamagy we gämi gurmagy Türkmenistana teklip edýär

9-njy aprelde Russiýanyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň egindeş başlygy Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygyndaky rus topary Aşgabada bardy.

Türkmenistanyň döwlet KHS-ri saparyň netijeleri barada anyk bolmadyk umumy maglumatlary hödürlediler.

Owerçuk prezident Berdimuhamedow bilen gepleşiklerde söwda-ykdysady, ýangyç-energiýa, oba hojalygy, ýeňil we gaýtadan işläp bejerýän senagat pudaklary boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini maslahat etdiler.

Aýratynlykda, Hazar mowzugy şol sanda, gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk barada gürrüň edildi.

Şol gün Owerçuk DIM Raşid Meredow bilenem gepleşikler geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýanyň käbir ministrlikleriniň hem edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

TDH ýaly DIM hem energiýa, gaz-himiýa senagaty, ulag, lojistika, söwda, maşyn gurluşygy pudaklary boýunça hyzmatdaşlyk bilen ilteşikli umumy jümleler bilen çäklendiler.

Bellenmegine görä, duşuşykda Euraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň strategiki ugurlaryny 2025-nji ýyla çenli ösdürmek hödürlendi. Emma, Türkmenistan bu gurama agza däl.

Rus toparynyň hatarynda Astrahan welaýatynyň häkimi Igor Babuşkin hem bardy. Ol özüniň Telegram kanalynda gepleşikler barada gürrüň berdi.

Babuşkin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we aragatnaşyk edarasynyň baş ýolbaşçysy Mämmethan Çakyýew bilen gämi gurluşygynda hyzmatdaşlyk mowzugyndan gepleşikler geçirdi.

Çelýabinskiý welaýatynyň häkimi Alekseý Teksler türkmen tarapyna TOPH gaz geçirijiniň gurluşygy üçin turbalar, elektrik geçiriji üçin elektrikizolýator,demir çybyk we diregler ýollamagy teklip etdi diýip “Polit 74” saýty habar berýär.

Bulardan başga-da, Türkmenistana “Ural”kysymly awtoulaglary, (2021-nji ýylda Türkmenistana 56 sany samoswal (demir awtoulagy) we gurluşyk ulagy iberildi) ýol tehnikasyny, metallurgiýa we maşyn gurluşygy önümlerini ýollamagy artdyrmak, şeýlede oba hojalyk harytlaryny, makaron önümlerini, un, ýarma we günebakar ýagy ibermek teklip edildi.The post Russiýa TOPH üçin turbalar ýollamagy we gämi gurmagy Türkmenistana teklip edýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Astrahanyň gämi zawody Türkmenistandan we Eýrandan sargyt almakçy
Astrahanda türkmen logistika merkeziniň açylmagy boýunça iş topary döredildi
Astrahan-Türkmenbaşy awiagatnaşygynyň ýola goýulmagy teklip edildi
Wladimir Putin Altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi
Putin Hazar deňziniň töwereginde motoýaryş geçirmek baradaky teklibi goldady
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri Astrahana bararlar