Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy Abu-Dabide geçirilýän ADIPEC 2023 halkara sergisinde tanyşdyrylýar

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy Abu-Dabide geçirilýän ADIPEC 2023 halkara sergisinde tanyşdyrylýar

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy şu gün Abu-Dabi şäheriniň Milli sergi merkezinde öz işine başlan ADIPEC 2023 halkara nebit-gaz sergisinde tanyşdyrylýar.

ADIPEC 2023 halkara sergisinde Türkmengaz we Türkmennebit döwlet konsernleri hem-de Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy öz stendlerini görkezilişe çykardy.

Orient.tm neşiriniň habar berşi ýaly, ADIPEC forumynyň çäginde türkmen wekiliýeti dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirer.

Bu ugurdaky dünýäniň iň uly forumlarynyň biri şu ýyl Dekarbonizasiýa. Çalt. Bilelikde şygary bilen geçirilip, oňa 164 döwletden 160 müňden gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar.

Forumyň dowamynda sergi zallarynyň 16-synda pawilýonlaryň 30-sy ýerleşip, olarda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň 2200-den gowragy öz hyzmatlary, taslamalary we önümleri bilen tanyşdyrarlar.

BAE-niň döwlet Baştutany Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň howandarlygynda ADNOC tarapyndan guralan bu forum 5-nji oktýabra çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

22-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-de iş saparynda bolýar