13-14-nji sentiýabrda premýer-ministriň OHT gözegçilik edýän orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen topary Daşkentde bolup, bilelikdäki toparlaryň maslahatlaryna gatnaşdylar.
13-nji sentiýabrda suw hojalygy meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparyň ilkinji mejlisi boldy.
Özbek tarapyna ýurdyň wise-premýeri Şuhrat Ganiýew ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar suw hojalygy desgalaryny tabşyrmak we Amyderýanyň suw resurslaryny ulanmak boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini gürrüň etdiler.
14-nji sentiýabrda Daşkentde söwda-ykdysady,ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara bilelikdäki toparyň 16-njy mejlisi geçdi.
Özbek tarapyna maýa goýumlary we daşarky söwda boýunça ministr Sardor Umurzakow ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň habaryna görä, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we senagat koperasiýalary, energiýa, ulag hem tranzit pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerini maslahatlaşdylar.
Özbegistanyň maýa goýumlary we daşarky söwda ministrligi ýurtda türkmen maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 160 kärhananyň işleýändigini, şu ýylyň ilkinji ýarymynda özara söwda dolanşygynyň geçen ýyla garanda, 20 göterim ösendigini habar berdi. Ýöne, anyk sanlar berilmedi.
Şonuň ýalyda, taraplar ýakyn geljekde iki ýurdyň söwda dolanşygynyň möçberini 1 milliýard dollara ýetirmäge, senagat korporasiýalary ösdürmäge we kabul edilen türkmen-özbek serhet söwda zolagyny döretmek hem işini düzgünleşdirmek baradaky Ylalaşygyň taslamasyny tassyklamaga ylalaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmen-Özbek HT-iň 16-njy mejlisi barada resminama gol goýuldy.
Şol güni Esenmyrat Orazgeldiýewi Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew kabul etdi. Çinownik türkmen-özbek hökümetara toparlaryň mejlisleriniň jemleri barada Özbek liderine maglumat berdi diýip prezidentiň saýtynda habar berilýär.
The post Türkmenistanyň premýer-ministriniň OHT boýunça orunbasary suw resurslary paýlaşmak we haryt dolanyşygyny ösdürmek üçin Daşkende sapar etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
