Özbegistanyň oba hojalyk ýokary okuw mekdebiniň talyplary Türkmenistanda tejribelik geçdiler

Özbegistanyň oba hojalyk ýokary okuw mekdebiniň talyplary Türkmenistanda tejribelik geçdiler

Özbegistan Respublikasynyň "Daşkent suwaryş we oba hojalyk mehanizasiýa inženerleri institutynyň" Milli ylmy-barlag uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanda hünär tejribesini tamamladylar.Bu çäre 16-njy maýdan 1-nji iýuna çenli Özbegistan Respublikasynyň Daşkent Suwaryş we oba hojalyk mehanizasiýasy inženerleri instituty bilen S.

A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda ikitaraplaýyn baglaşylan Ylalaşygyň çäginde guraldy. Özbegistanyň oba hojalyk ýokary mekdebiniň on dokuz talyby we iki mugallymy tejribe maksatnamasyna gatnaşdylar.Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň oba we suw hojalygyna degişli birnäçe iri kärhanalara baryp gördüler.

Hususan-da, olar Ak bugdaý etrabyndaky suwy ýokary galdyrýan “Gidropark” bekediniň we “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň işi bilen tanyşdylar. Özbek hünärmenleri we talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan guralan okuwlara we amaly sapaklara hem işjeň gatnaşdylar.

Sapar maksatnamasy medeni çäreleri-de öz içine aldy.Dostlukly Özbegistanyň wekilleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy- tehnologiýa parkyna, Döwlet merkezi botanika bagyna we Daşkent seýilgähine baryp gördüler. Özbek wekiliýeti ajaýyp myhmansöýerligi we ylym-bilim tejribesini alyşmak üçin döredilen şertler üçin türkmen kärdeşlerine hoşallyk bildirdiler.

Iki ýokary okuw mekdebiň arasynda ýola goýlan ylmy we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäginde ýakyn wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň tejribe geçmek üçin, Özbegistana özara iş sapary meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi
Daşoguzda resmi, ýöne 'galp bugdaý ekiş dabarasy' geçirildi
Türkmen sürüjileri, başga çykalga bolmansoň, "örän agyr ýagdaýda" işleýärler
Şaly meýdanlary guraýan lebaply kärendeçiler döwlete bergili çykmakdan alada edýär
Lebabyň daýhan birleşiklerinde iş orunlary kemeldilýär, iş ýerleri ýapylýar, müňlerçe oba hojalyk işgäri işsiz galdy
Marynyň käbir döwlet edara-kärhanalarynda iş orunlary kemeldilýär