Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady

Türkmenistanda 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul ediş möwsümi resmi taýdan badalga alýar.Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde bilim edaralaryny täze okuw ýylyna talabalaýyk hem-de hemmetaraplaýyn taýýarlamak, ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini netijeli dowam etdirmek we ylmy edaralarda işlenip düzülen oýlap tapyşlary ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek wezipelerini goýdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Ahalda et gymmatlaýar, hyrydary azalýar
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýany milli baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Körpeleri çagalar edebiýaty bilen tanyşdyrmak
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmen halk matallary