Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan — ABŞ işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, Nicklaus Companies kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, UGT Renewables kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de Climate Compass kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz we myhmanlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmagyň barşynda forumyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Munuň özi anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi bellenildi. Şu geçen ýyllarda oňyn döwletara gatnaşyklar yzygiderli ösdürildi.

Işewürler mazmunly, giňişleýin gepleşikleriň geçirilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmagy hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maksat edinýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparynyň wekillerini kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow amerikaly işewürleri kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparynyň wekillerini kabul etdi
Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi