Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) täze Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini wezipä belledi. Bu barada “Watan” habarlary gepleşigi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Meret Baýramowiç Orazowyň başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Meksikanyň Bilrleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hem-de Raýat Awiýasiýasy boýunça halkara guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili wezipelerinden boşadyldy.

Bu wezipä Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew bellenilip, ol Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Serbiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy
Waşingtondaky Halkara pul gaznasynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi tanyşdyryldy
Amerikan işewür wekiliýetiniň şu ýyl Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy
Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy
E.M.AÝDOGDYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
E.M.AÝDOGDYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY