Türkmenistanyň Prezidenti ARETI halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ARETI halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

9-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ARETI halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi.

Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy I.Makarow ýokary depginde alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm sport çäresini guramaçylykly geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu ýaryşlara dünýäniň 186 ýurdunyň wekilleri gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna 186 döwletden türgenler gatnaşarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Igor Makarowy kabul etdi
Aşgabatdaky Welotrek boýunça dünýä çempionatyna 186 ýurtdan türgen gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi