Türkmenistanyň Prezidenti Astana döwlet saparyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Astana döwlet saparyny amala aşyrar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

[...]

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Ýakyn goňşy ýurtlar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýlandygy bellenildi.

Netijeli döwletara hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilip, dürli ugurlary öz içine alýar.Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 180-si bilen berkidildi.Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki özara saparlar we duşuşyklar türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistan we Gazagystan abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi artýar. Şunda däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn goňşy döwletleriniň biri bolup durýandygyny, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

[…]

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň ýaşaýjylary tagtabitden ejir çekýärler we göreş usullaryny oýlap tapýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti halkara nebitgaz maslahata we sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
В Душанбе состоялась встреча глав МИД Туркменистана и Таджикистана