Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarowy kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman mähirli kabul edilendigi hem-de döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrine hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we bu gezekki saparyň barşynda geçiriljek duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler deňhukuklylyk, ynam we özara düşünişmek esasynda guralýan döwletara dialogyň ýetilen ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Astana döwlet saparyny amala aşyrar
Aşgabadyň ýaşaýjylary tagtabitden ejir çekýärler we göreş usullaryny oýlap tapýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti halkara nebitgaz maslahata we sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Duşenbede Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
В Душанбе состоялась встреча глав МИД Туркменистана и Таджикистана
“Putin Bilen Netijeli Duşuşyk Geçirdim”