Türkmenistanyň Prezidenti atasynyň belli güni mynasybetli sadaka berdi

Türkmenistanyň Prezidenti atasynyň belli güni mynasybetli sadaka berdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki Hezreti Omar metjidinde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, metjitde Türkmenistanyň müftüsi hormatly Prezidentiň atasy Mälikguly aganyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagyny dileg edip, aýat okady.

Sadakada Serdar Berdimuhamedow şu gün halkyň mukaddes däplerine eýerip, atasy Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň sadakasyny berýändigini, bu senäniň mukaddes Remezan aýyna gabat gelendigini we hormatlap gelendikleri üçin sadaka gatnaşýanlaryň ählisine taňryýalkasyn aýtdy.

Türkmenistanyň müftüsi merhumyň ruhuna bagyşlanyp berilýän sadakanyň hormatyna tebärek çykdy.

Soňra agzaçar wagtynyň gelmegi bilen, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi.

Nahardan soň ýurduň müftüsi aýat-töwir okap, berlen sadakanyň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Aýat-töwir okalandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti sadaka gatnaşanlaryň hemmesine ýene-de bir gezek taňryýalkasyn aýtdy.

Ýatladyp geçsek, Mälikguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 18-nji aprelinde 89 ýaşynda aradan çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýedäki ýertitremede şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berdi
Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna  anna agşamlary’ berilýär
Daşoguz prezidentiň saparyna taýýarlanýar, býujet işgärleri arassaçylyk işlerine çekildi
Balkanda ýene bir hassahana diňe koronawirus näsaglaryny kabul edip başlady
Sadakalar üçin çadyrlaryň kireýiniň bahasy Aşgabatda gymmatlady
Ýol ulag heläkçiliginde ölen harbylaryň sany 30 adamdan geçýär