Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ähli ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ähli ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýana, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti we premýer-ministri, Dubaý emirliginiň häkimi şeýh Mohammad Bin Raşid Al Maktuma hem-de Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysynyň orunbasary şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana onuň Alyjenaby Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe ministri, Dubaý emirliginiň häkiminiň orunbasary şeýh Hamdan Bin Raşid Al Maktumyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Hususan-da, hatlarda, Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň ähli doganlyk halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutladylar
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady