Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana dogany Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin, merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana dogany Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

BAE-niň WAM agentliginiň habar bermegine görä, Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly BAE-de 27-29-njy iýul aralygynda üç günlük ýas yglan edildi we ýurduň döwlet baýdaklary aşak düşürildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
Abu-Dabide 41-nji halkara nebit-gaz sergisi we maslahaty açyldy
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
BAE-niň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyryldy
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady