Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamynyň wekillerini 1-nji sentýabr mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamynyň wekillerini 1-nji sentýabr mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Gutlag iberdi. Onda bu baýramçylygyň geljegimiz bolan mekdep okuwçylarynda we talyp ýaşlarda, asylly käri mynasyp dowam edýän mugallymlarda, bilim işgärlerinde eziz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynam bildirilýär.

Gutlagda bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary kemala getirmek babatda möhüm işleri amala aşyrýarys.

Asylly däbimize eýerip, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öň ýanynda güneşli Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde bilimler baýramçylygyna gabatlap, täze orta mekdepleri dabaraly açýarys, joşgunly aýdym-sazly çäreleri geçirýäris.

Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylaryna sowgat hökmünde Bilimli atly kompýuterleri gowşurýarys.

Ýene degişli makalalar

Bilimli nesiller ─ Watanyň daýanjy
Ministrler Kabinetiniň we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi
Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirildi
Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Gutlagy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine