1-nji sentýabrda Ahal welaýatynda täze mekdepleriň 5-si açyldy

1-nji sentýabrda Ahal welaýatynda täze mekdepleriň 5-si açyldy

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň çäginde täze umumybilim berýän orta mekdepleriň 7-si açylyp ulanylmaga berildi. Olaryň gurluşygy türkmen telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy. Täze mekdepleriň hatarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep hem bar.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, bu mekdebe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy. Mekdebiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Şanly waka mynasybetli sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Dabarada A.Sähetmyradowyň gyzy D.Orazdurdyýewa hem çykyş etdi.

960 orunlyk täze mekdepde okuwlaryň, terbiýeçilik işiniň, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler döredildi.Okuwçylar döwrebap enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de dürli dersler boýunça okuw kitaplary bilen üpjün edilen synp otaglarynda bilim alarlar.

Hususan-da, lingafon otagynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler göz ünde tutuldy.Bilimleri üstünlikli özleşdirmek üçin matematika, informatika, biologiýa, himiýa we beýleki derslere niýetlenen otaglarda degişli amatlyklar döredildi.

Zähmet sapagy hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar ornaşdyryldy.

Hormatly ýaşulular ýola goýlan asylly däbe görä, 1-nji synpa gelen körpelere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgat hökmünde “Bilimli” kompýuterlerini gowşurdylar. Munuň özi bilimler dünýäsine gadam basýan körpe okuwçylaryň şatlygyny has-da artdyrdy.

Şeýle hem 1-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Änew şäherinde 720 orunlyk, Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleriň ýene-de dördüsi açyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 5,5 müň okuwçy üçin niýetlenen mekdepler açyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Babarap obasyndaky täze mekdebe Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy
Ahal welaýatyndaky täze şähere dakyljak at barada ilatdan teklipler alynýar
Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy
Baharyň baş baýramynyň dabaralary