Arkadag futbol topary 2026-njy ýylyň ilkinji baýragyny, ýagny Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny gazandy.Wladimir Baýramowyň topary bu üstünlige jemleýji oýunda Türkmenbaşynyň Şagadam toparyny 2:0 hasabynda ýeňmek bilen ýetdi.
Oýun köpugurly Aşgabat stadionynyň merkezi meýdançasynda boldy.Oýnuň hasabyny geçen möwsümde Gyrgyzystanyň Karabalta şäheriniň Gyrgyzaltyn toparynda çykyş eden 25 ýaşly täze oýunçy Meýlis Diniýew eýýäm üçünji minutda açdy.
Türkmenistanyň häzirki üç gezek çempionynyň bu ýeňşini 61-nji minutda soňky dört milli birinjilik ýaryşynda iň köp gol salan oýunçy Didar Durdyýew berkitdi.Arkadag futbol topary yzygider ikinji ýyl Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny gazanýar.
Geçen ýyl ol alty sany ýokary liga klubunyň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirilen bir tapgyrly ýaryşda ýeňiş gazanmak bilen, ähmiýeti boýunça dördünji ýerde duran bu milli baýragy ilkinji gezek gazandy.
Türkmenistan Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl kubogynda üçünji orun ugrundaky duşuşykda Aşgabat toparyny 2:0 hasabynda ýeňen Ahal topary bürünç medala mynasyp boldy.Bürünç medalyň ykbaly oýnuň ahyrynda çözüldi: 79-njy minutda Aşyr Jumadurdyýew tapawutlandy, iki minut yzýany bolsa Mergen Nurlyýewiň öz derwezesine geçiren goly gutarnykly hasaby Türkmennebitönümleri Baş müdirliginiň toparynyň peýdasyna ýazdy.
Türkmenistan Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl kubogy ugrunda birinji tapgyrda ikä bölünen sekiz topar bäsleşdi. Ýarym finala çykmak mümkinçiligi ugrunda A toparda Köpetdag, Ahal, Şagadam we Nebitçi klublary, B toparda bolsa Arkadag, Aşgabat, Merw we Türkmenistanyň 20 ýaşa ýetmedik ýaşlar ýygyndy topary bäsleşdi.
Finala çykmak ugrundaky ýaryşda Arkadag topary Ahal toparyny 2:1, Şagadam bolsa Aşgabat toparyny 1:0 hasabynda utdy. Ýaryşda bäşinji orny paýtagtyň Köpetdag topary bilen 2:2 hasabynda oýnap, jerime urgulary boýunça 5:3 hasabynda ýeňen Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýygyndy topary eýeledi. Ýedinji orun ugrundaky duşuşykda Balkanabadyň Nebitçi topary Marynyň Merw toparyny 3:1 hasabynda utdy.
