Türkmenistanyň prezidenti Bitaraplyk gününi ýokary derejede bellemegi tabşyrdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji dekabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda Halkara bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy bilen geçiriljek dabaraly çäreleri ähli welaýatlarda ýokary derejede gurnamagy tabşyrdy.

“Döwlet baştutany Aşgabatda öňde boljak dabaralara we halkara çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we olary geçirmek boýunça görkezme berip, paýtagtyň gelýän myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmalydygyny belledi” diýip, TDH döwlet habar gullugy ýazýar.

Belleýäris, prezident Bitaraplyk gününiň öňünden ýurtda “azyk bolçulygyny” döretmek barada hem görkezme beripdi.

Döwlet baştutany Ministrler kabinetiniň 1-nji dekabrda geçirilen mejlisinde Halkara bitaraplyk gününe gabat ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabaralaryna “ýokary derejede” taýýarlyk görülmegini tabşyryp, medeniýet ministriniň orunbasary Bahargül Abdyýewany işden boşatmak we onuň ornuna Nursähet Şirimowy bellemek baradaky karara gol çekdi.

Türkmenistanda bitaraplyk güni 12-nji dekabrda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
01.12.2017 | Döwlet Baştutanymyz medeniýet ministriniň orunbasaryny wezipesinden boşatdy
Döwlet Baştutanymyz medeniýet ministriniň orunbasaryny wezipesinden boşatdy
Prezident medeniýet ministriniň orunbasaryny işden boşatdy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň wekilýeti Hytaýyň Szilin welaýatynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk gezelençlerini döretmegi teklip edýär, Türkmenhowaýollary agentliginiň mekdebinde hünärmenleriň gutardyş dabarasy geçirildi we beýleki habarlar