Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Siziň soňky ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary jogapkärçilikli wezipesini eýelemek bilen, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, täze ýüze çykýan wehimlere garşy durmaga goşýan goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin diýlip, döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda bellenilýär we Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýlan oňyn hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirilýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy
Kongonyň gündogarynda çaknyşyklar sebäpli ýanwar aýyndan bäri 7 müň adam öldi
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
Türkiýe Siriýa meselesinde Asudalyk Üçin Çagyryş Etdi
BMG-niň Baş Sekretary ABŞ-nyň Daşarky Kömeklerini Dowam Etdirmegi Hakynda Çagyryş Berdi