Türkmenistanyň Prezidenti “Deňiz han” harby gämisi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti “Deňiz han” harby gämisi bilen tanyşdy

Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, ýurdumyzyň Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Begenç Gündogdyýew döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämisiniň tanyşdyrylyşa taýýardygy barada hasabat berdi.

Serdar Berdimuhamedow bu häzirki zaman gämisiniň söweşjeň mümkinçilikleri, tehniki häsiýetnamalary hem-de gurluşynyň aýratynlyklary, bölümleriniň işleýiş usullary bilen tanyşdy.

Bellenilişi ýaly, gäminiň harby gullukçylary Italiýada, Germaniýada, Türkiýede we beýleki döwletlerde ýörite okuwlary geçdiler hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrdylar.

Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişi synlady. Onda Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz zähmet rugsady wagtynda duşenbe güni Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Dünýä Türkmenleri: Amerikan alymy Türkmenistan ýatlamalary, türkmen dili we 'türkmençilik' barada
Serdar Berdimuhamedow Keletedäki harby okuw türgenleşigini synlady
Admiral Eýrani: Eýranyň deňiz güýçleriniň çemeleşmesi dostlar bilen özara gatnaşykdyr