Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniňýanyň “Rohde & Schwarz” kompaniýasynyň wekili Hartmut Ýeşke (Hartmut Jäschke) bilen duşuşdy.
Taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada maslahat etdiler. Ýeşke döwlet baştutanyny kompaniýanyň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.Oňa maglumat tehnologiýalary we simsiz aragatnaşyk, elektron gözegçilik-ölçeg enjamlarynyň önümçiligi, şeýle-de ýokary hilli sanly alyp görkezişi üpjün edýän tele-radio gepleşikleri enjamlaryny öndürmek hem girýär diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Belleýäris, “Rohde & Schwarz” graždan telekommunikasiýasyndan başga, döwlet gurluşlarynyň kiber howpsuzlygy, harbylar üçin goragly aragatnaşyk kanallary, şeýle-de aňtaw ulgamlary boýunça çözügtleri işläp düzmekde hem ýöriteleşen. Harmut Ýeşke hut şu bölüme, “Howpsuz aragatnaşyk enjamlary, ýerleýiş we taslamalar” departamentine ýolbaşçylyk edýär.
Hususan-da, “Rohde & Schwarz” kompaniýasynyň resmi saýtyndaky maglumata laýyklykda, kompaniýa obýekti yzarlamak we hat alyşmalardan maglumat toplamak, şeýle-de gözegçilik maglumatlary boýunça gylyk-häsiýet portretini çekmek babatdaky çözgütlerde hem kömek edip biler.
TDH-nyň ýazmagyna görä, Hartmut Ýeşke “Rohde & Schwarz” kompaniýasynyň Türkmenistanda ynamdar we geljegi bolan, ysnyşykly hyzmatdaşlygy mundan buyana we uzak möhletli ösdürmäge ymtylýan iş hyzmatdaşyny görýändigini nygtady.
