Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Her ýyl ýurdumyzda baş baýramymyzyň hormatyna geçirilýän at çapyşyklary baýramçylyk dabaralarynyň öwüşginini has-da artdyryp, döwürleriň arabaglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, mähriban halkymyzyň gadymy milli däplere ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Yzygiderli geçirilýän bu ýaryşlar sportuň şu görnüşini wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlary hem oňa çekmäge ýardam edýär.

1400 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda 1 minut 35,2 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Daýanjym atly dor at görkezdi. Onuň çapyksuwary P.Orazow. Şu aralyga geçirilen ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup 1 minut 36,5 sekunt netije bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gudratlydag atly mele aty geldi. Onuň çapyksuwary Y.Allanazarow.

1600 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda 1 minut 53,1 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gögerçin atly dor at görkezdi. Onuň çapyksuwary O.Amangeldiýew. Şol aralyga geçirilen dördünji çapyşykda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Garaýel atly gara aty geldi. Ol 1 minut 52,8 sekunt netije görkezdi. Çapyksuwary M.Seýidow.

Galan soňky çapyşyklarda dört we uly ýaşar atlar ýaryşdylar. 1800 metr aralyga guralan bäşinji çapyşykda 2 minut 07,5 sekunt netije bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Artyk atly dor at pellehana ilkinji bolup geldi. Çapyksuwary M.Mämmedow. 2200 metr aralyga altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty 2 minut 35,9 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup geldi.

Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar A.Agamyradow.

2200 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda çekeleşikli bäsleşik boldy. Pellehana 2 minut 37,4 sekunt netije bilen ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dagbedew atly dor at geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.

Bäsleşikde iň gowy netijeleri görkezenler Döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özleriniň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, at çapmagyň şöhratly milli däplerini aýawly saklamak we dowam etdirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi
Çapyksuwar B.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy
Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
Türkmen wekiliýeti Ärdebilde geçirilen YHG agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti YHG-niň duşuşygyna gatnaşdy
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi