Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy oktýabrda Hatyra güni mynasybetli Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmen halky 6-njy oktýabrda 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijede Aşgabatda bolup geçen ýer titremede şehit bolanlary, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryny hem-de Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylaryny ýatlaýar.

Şeýle hem Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül desselerini goýdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, hatyralamak çäreleri, Aşgabat şäherinde bolşy ýaly, ýurduň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Wepat bolanlaryň ruhuna aýat-töwirler okaldy, sadakalar berildi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Türkmenistanda azat metbugatyň duçar galan täleýi
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň ýogalmagyndan bir ýyl geçdi
Aşgabat-Daşoguz ýolunda heläkçilikli ýol hadysasy boldy
Türkmenistan harby gullukdan ýüz öwren Ýehowa şaýatlaryna iş kesmegi dowam etdirýär
"Forum 18" dini ynanjy sebäpli harby gullukdan ýüz öwren raýatyň iki ýyllyk düzediş işine höküm edilendigini aýdýar