Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Düýn 29-nji noýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda komitetiň altynjy mejlisiniň gün tertibi boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, mejlise taýýarlygyň çäklerinde söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, ynsanperwer we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda kiçi komitetleriň mejlisleri hem-de beýleki duşuşyklar geçirildi. Aşgabatda boljak gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan Türkmenistanyň maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky işlerine ýokary baha berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi