Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý — Merkezi Aziýa sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý — Merkezi Aziýa sammitine gatnaşar

Golaý wagtda Hytaýa Merkezi Aziýanyň ähli döwlet Baştutanlary sapar bilen bararlar. Bu barada ýurduň DIM-niň wekili Hua Çunin habar berdi diýip, Report.az ýazýar.

Onuň sözlerine görä, HHR-iň Başlygy Si Szinpin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy, Özbegistanyň döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýewi hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmony 16 — 20-njy maý aralygynda öz ýurduna döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy.

Diplomat çagyrylan Prezidentleriň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý — Merkezi Aziýa sammitine gatnaşjakdyklaryny habar berdi.

Sammit Szinpiniň başlyklyk etmeginde Hytaýyň Şensi ülkesiniň merkezi Sian şäherinde geçer.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti Sianda geçirilen ykdysady foruma gatnaşdy
"Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýan türkmen ýaşlary Hytaýyň Sian şäheriniň medeni, aň-bilim ojaklaryna baryp gördi
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşýar
Hytaýdan Germaniýa otly gatnawy
Guraklyga garşy ýagyş ýagdyrylýar