2-nji fewralda prezident Berdimuhamedow Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň press attaşasy Ýuý Sýaşuana gysga interwiýu berdi we ol Hytaýyň telewideniýe şirketleri CCTV-niň, “CGTV in Russian”, “Jenmin jibao” gazýetiniň we “Sinhua”habar gullugynyň sowallaryny berdi, diýip TDH döwlet täzelikler gullugy bildirýär.
Prezidentiň interwiýusynda habar bermegine görä, ol Gyşky Olimpiýadanyň 4-nji fewraldaky açylyş dabarasyna gatnaşar. “Bu karar ilkinji nobatda wakanyň bütin älem üçin örän wajypdygyny görkezýär” diýip ol aýdýar.
Soňra Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýurdyň territorial bütewiligi meselesinde Hytaýy goldaýandygyny belläp, “bir Hytaý” syýasatynyň tarapdarydygyny we ýurdyň parahatçylykda birleşmegini goldaýandygyny sözüne goşýar .
Gaz meselesine degen prezidentiň aýtmagyna görä, Türkmenistan Hytaýa çekilen gaz geçirijiniň 4-nji şahasyny gurmak mümkinçiligini maslahatlaşmaga we “Hytaý ykdysadyýetiniň gaz talabynyň barha ösýändigini hasaba alyp” ýurda gaz akdyrmagyny köpeltmäge taýýar.
Bu barada prezident 24-nji ýanwarda geçen“MA-Hytaý” sammitinde hem tekrarlapdy.
Mundan başga-da, Berdimuhamedow öz interwiýusynda hiç bir düşündirişsiz “Bir guşak-bir ýol” we “Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek” ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, şeýlede Hytaý bilen ylym, medeni we bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy barada gürrüň berdi.
Geçen ýyl Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň KHS-ne hem interwiýu beripdi.Noýabrda Türkiýäniň TRT World telekanalynyň baş redaktory Ýusup Eruma, oktiýabrda Russiýanyň TASS habar gullugynyň baş ýolbaşçysynyň orunbasary Mihail Gusmana, maý aýynda bolsa, “MIR” döwletara teleradiýo şirketiniň başlygy Radik Batyrşine interwiýular beripdi.
2018-nji ýylda bolsa, onuň bilen Russiýanyň “Rossiýa 24” telekanaly interwiýu geçiripdi.The post Türkmenistanyň prezidenti Hytaýyň KHS-ne beren interwiýusynda “bir Hytaý” syýasaty goldady first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
