Türkmenistanyň Prezidenti indiki hepde sapar bilen Germaniýa barar

Türkmenistanyň Prezidenti indiki hepde sapar bilen Germaniýa barar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 29-njy sentýabrynda Berlin şäherinde Germaniýanyň Federal Prezidenti bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga gatnaşar.

Germaniýanyň Federal Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýurduň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Duşuşyk we bilelikde surata düşmak dabarasy Germaniýanyň Federal Prezidentiniň resmi rezidensiýasy bolan “Belwýu” köşgünde geçiriler.

Ozal Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda türkmen-german ykdysady forumynyň şu ýylyň oktýabr aýynda Germaniýada geçiriljekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýada ikitaraplaýyn gepleşik geçirýär
Berlinde Olaf Şols bilen Serdar Berdimuhamedowyň arasynda gepleşikler geçiriler
Germaniýanyň Kansleri Merkezi Aziýa döwletleriniñ Prezidentleri bilen duşuşar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow doglan gününi belleýär, Aşgabatda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär, Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan çäre geçirildi we beýleki habarlar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri Germaniýda saparda bolarlar
Fransiýanyň Prezidenti Germaniýa gurajak saparyny yza süýşürdi